Sagdyn durmuş ýörelgesi
Türkmenisatanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenisatanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenisatanyň saglygy goraýyş we dermen senagaty ministrliginiň bilelikde gurnamagynda, Türkmenisatanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenisatanyň Ýokary kazyýetiniň wekilleriniň, Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň lukmanlarynyň gatnaşmaklarynda, 2020-nji ýylyň mart aýynyň 26-na sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýol hereketiniň howupsuzlygyny üpjün etmek, ýaşlary zyýanly endiklerden gorap saklamak we bular bilen baglanyşykly kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatyň dowamynda talyplary hem-de mugallymlary gyzyklandyrýan birnäçe soraglar boldy. Bu soraglaryň üsti bilen ýygnaga gatnaşan wekiller birnäçe endikleri hem-de durmuşda gabat gelýän wakalaryň üsti bilen, nakyllaryň üsti bilen düşündirdiler. Şeýle-de maslahatda gündelik arassaçylyk, zyýanly endikleriň bolmazlygynyň öňüni almak, olary durmuşymyzyň ýagşy, peýdaly endikleriniň hatarynda goýmak bilen töwerekdäki adamlara hem görelde bolýandyklaryny nygtadylar. Şeýle ýaşlaryň durmuşymyzyň, Watanymyzyň öňünde goýulýan maksadymyza ýetmekde, ýaş kiçilere görelde görkezmekde döwletimiziň kanunyny hem ýerine ýetirýändiklerini bellediler.