Türkmeniň milli senenamasynda garagyş döwri başlandy


Türkmeniň milli senenamasynda garagyş döwri başlandy



Türkmenistanda gyş esasan, üç hilidir. Bir gyş bardyr, ol wagtynda girer, wagtynda çykar. Oňa takyk gyş diýilýändir. Onuň möhleti 90 gündir. Başga bir gyş bolsa wagtyndan irräk düşer, güýzden bir aý töwerek wagty, soňundan ýazdanam şonçarak alar, şeýderde 4-5 aýa golaýlar, ir girip, giç çykar. Oňa gelmişek ýada gaýry gyş diýilýär. Onuň sebäbi-de goňşy ýurtlarymyzda gyşyň adatdan daşary gazaply-güzaply gelýändigi sebäplidir. Üçünji bir gyş, ol bolsa öňünden bir aýyny güýze goşar, soňundanam bir aýyny ýaza goşar, ortada ýekeje aý sowuklyk bolar.

Türkmenleriň ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly noýabr aýynyň 23-inden Fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Ýöne ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş.

22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň 22-nji noýabrdaky sanynda habar berilýär.

Gyş paslynyň başlangyjy hasaplanýan garagyşda tebigatda bolup geçýän käbir ýagdaýlary synlap, ata-babalar gyşyň nähili geljegini anyklapdyrlar. Eýsem, bu ýyl garagyş döwründe nähili howa garaşylýar?

Köp ýyllaryň dowamynda ata-babalaryň milli senenamasyna daýanmak bilen, anyk çaklamalary berýän çarwalar bu ýyl gyşyň başynyň onçakly gazaply bolmajakdygyny aýdýarlar. Akrap ýyly gelen bolsa-da, sowuk howa akymynyň ýurduň çägine aralaşjak döwri dekabryň ortalarynda bolar diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, gyşa örän taýýarlykly bolmaly diýlip, habarda bellenilýär.