Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy



20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Ir bilen şu günki dabara gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çägine degişli günorta künjegine ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy. Döwlet Baştutanymyzy şu günki dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Milli Ge-ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary garşyladylar.
Şu pursatda ýaňlanan aýdymdyr-sazlar dabara öwüşgin çaýyp, hemmeleri ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhubelentligini we işe bolan höwesini artdyrýan aýdym-sazly çykyşlaryň ähmiýetlidigini belläp, sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirdi hemde hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.