Ussatlyk sapagy


Ussatlyk sapagy



15-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly ussatlyk sapagy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Talyp ýaşlara berilýän bilimi baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar.
Sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen sapaga Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň professorlary: Ermenistan Respublikasynyň at gazanan artisti Anna Maýilýan, şol konserwatoriýanyň fortepiano fakultetiniň dekany Irina Hakobýan gatnaşdylar. Ussatlyk sapagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda iki ugur «Ýörite fortepiano» we «Aýdym sungaty» hünärlerinden bilim alýan talyp ýaşlara ýerine ýetirijilik sungatynyň aýratynlyklary, saz sungatynyň inçe syrlary dogrusyndaky peýdaly maslahatlaryny berdiler. Teleköpriniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikerine çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.