TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetinin nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyn käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryn taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri, şeýle hem ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Halkara konwensiýanyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň deputaty ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Ženewa şäherinde iş saparynda boldy.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, halkyň saýlanlary içeri we daşary döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny, ähmiýetini düşündirmek hem-de wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary, şeýle hem bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemledi we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, zähmetde, okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.