Okuw mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly sergi gurnaldy


2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki energetika orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly sergi gurnaldy



Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylykly syýasatynyň netijesinde oba-kendi şäher bilen bäsleşýän agzybir halkymyzyň ümzügi buýsançly ösüşlere tarap rowana bolýar Ata Watanymyz bu gün älemiň arzuwlaýan mekanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýilip yglan edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak we raýatlarymyzyň Watançylyk ruhuny belende götermek has-da buýsandyryjydyr. Bitaraplygyň esasy özenini parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgeleri düzýär. Belent at-abraýa eýe bolan türkmen halkynyň ähli ýaşaýyş- durmuş ulgamlary bilen bir hatarda özboluşlylygy, gadymylygy hem-de milli mirasymyz, medeni, binagärlik ýadygärliklerimiz dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özine çekýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyny, medeni-milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde, geljekki nesillere ýetirmekde uly işleri alyp barýarlar. Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnalýar.

2020-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäherindäki energetika orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany« atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi açyldy. Bu sergi fewral aýynyň 23-ne çenli dowam etdi. Sergini Döwlet muzeýiniň Etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň müdiri E.Amanberdiýewa, muzeýiň ylmy işgäri Ö.Rahmanow we energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Z.Rejepowa gutlag sözi bilen açdylar. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, milli saz-gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar goýuldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri talyp ýaşlara türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp–dessurlary, ynsanperwer gatnaşyklar barada muzeý gymmatlyklaryň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Talyp ýaşlar hem öz gezeginde okamaga, döretmäge türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmäge, gözüniň göreji ýaly gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkünçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.