Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi



25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzy ösdürmek hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýar.