Saglyk — abatlyk




Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr.

***
Türkmençilikde on iki synanyň abatlygy diýlen düşünje durmuş baradaky umumy derejäni kesgitlemekde ilkinji şertdir. Başyň amanlygy, on iki süňňüň abatlygy ýaşaýşyň hözirliligini duýmagyň üçin gerekdir. Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik ykrar edilmesini aňladýar.

***
Saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünje bardyr. Soňky ýyllarda sagdyn ýaşaýyş diýen düşünjä has uly ähmiýet berilýär. Saglyk diýlende, adamyň synasynyň sagdynlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, ol pikirleriň sagdyn bolmagyny hem aňladýar. Pikirler sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar. Soňky döwürler şu ynama yhlasly eýermek barada köp işler ýazylýar.

***
Il-halkymyz sagdyn ýaşamagyň tebigy esasly ýörelgelerini kemala getiripdir hem-de ony öz durmuş tejribesi arkaly baýlaşdyrypdyr. Şunuň özi sagdyn ýaşaýyş medeniýetiniň ösüşinde hem uly orun eýeläpdir. Dagdan agajynyň ady amaly-haşam sungatynda-da nagyşlar bilen baglanyşykly köp duş gelýär. Şonda hem halkymyzyň sagdyn ýaşamak maksady bilen döreden däp-dessurlarynyň täsiri duýulýar.

***
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamagyň döwrebap ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy barasyndaky aladalarymyz bu ugurda edilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ulgamlaryň özara täsirli ýagdaýda kemala gelmegi durmuşy düýpli özgerdýär. Saglygy goramak işi hem ýurdumyzda ulgamlaryň döwrebap, netijeli iş alyp barmaklary arkaly üpjün edilýär. Şunuň özi häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzyň sportda eýe bolan netijelerinden hem aýdyň görünýär.

***
Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.

***
Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.