Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek «Central Asian Spelling Bee» bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar


Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek «Central Asian Spelling Bee» bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

21-nji oktýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça «Central Asian Spelling Bee» bäsleşiginiň milli tapgyryny geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 70-e golaý zehinli ýaşlar gatnaşyp, iňlis dili başarnyklaryny, ynamly özüňi alyp barmak we köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini görkezmegi başardylar.

Milli bäsleşikde ýeňiji bolan dört sany gatnaşyjylaryň ikisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, galan ikisi bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarydyr.

Milli bäsleşigiň ýeňijileri şu ýylyň ahyrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek sebit derejeli «Central Asian Spelling Bee» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýarlar.

Belläp geçsek, geçen ýyl Türkmenistandan iki talyp Taşkentde geçirilen sebit derejeli «Central Asian Spelling Bee» bäsleşiginde 1-nji we 2-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular.