Ýazyjy Gowşutgeldi Daňatarowyň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Şu gün dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda dabara geçirildi.
«Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, dabarada çykyş eden halypa artistler, aýdymçylar G.Daňatarowyň belent adamkärçiligi, onuň milli teatr sungatymyzy ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Belläp geçsek, bu günki günde halypa ýazyjy hem-de dramaturg G.Daňatarowyň ýiti galamyndan çykan «Nusaý söýgüsi», «Yşkyň gämisi», «Yşkyň gämisi kenarda» ýaly onlarça pýesalary ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylyp, şol eserler boýunça taýýarlanan spektakllar daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallarynda baýraklara mynasyp boldy. Şeýle-de G.Daňatarowyň halkymyzyň gadymy dessanlary «Aşyk Çaňly», «Nejeboglan» we beýlekiler esasynda taýýarlan librettolary milli opera sungatymyzyň altyn hazynasynyň üstüni baýlaşdyrdy.