KESELLERDEN GORANALYŇ!


KESELLERDEN GORANALYŇ!



Kesellerden goranmak üçin şahsy goranyş çärelerini doly we dogry berjaý etmegimiz zerurdyr.
Munuň üçin her birimiziň dem alyş ýollary üçin niýetlenen gorag serişdelerini, agyz-burun örtüklerini ulanmagymyz, köpçülik ýerlerinde bellenilen aralygy saklamagymyz möhümdir.
Eliňi sabyn bilen 20 sekundyň dowamynda akar suwda ýuwmak;
— burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmak;
— agyz boşlugyny duzly suw bilen çaýkamak (1 bulgur gaýnadylyp sowadylan suwa 1 çaý çemçesi duzy goşmaly) maslahat berilýär.
Dermanlyk ösümlik bolan üzärligi tütedip, otagyň howpsuz mikroklimatyny üpjün etmek, çygly arassalaýyş işlerini geçirmek hem ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmakda peýdalydyr.