Öý dermanhanasynda näme bolmaly?


Öý dermanhanasynda näme bolmaly?



Her bir öýde islendik wagtda gyssagly ilkinji lukmançylyk kömeginiň berilmegini talap edýän hadysalaryň ýüze çykmagy mümkin. Haýsydyr bir maşgala agzasynyň gyzdyrmagy, kellesiniň agyrmagy, bokurdagynyň gijemegi we awuşamagy, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi, allergiki täsire duçar bolmagy ýaly ýagdaýlar hem seýrek duş gelmeýär. Galyberse-de, maşgalada haýsydyr bir dowamly keselden ejir çekýän syrkawyň, saglygynyň gözegçilik astynda saklanmagyna mätäç bolan adamyň bolmagy mümkindir. Bu ýagdaýlary nazara almak bilen, her bir öýde ýörite dermanhanajygyň saklanylmagy möhümdir. Öý dermanhanajygyny dermanhanadan satyn almak ýa-da özbaşdak düzmek hem mümkindir.
Maşgala dermanhanajygyny gyzgyn aşhanada, nahar iýilýän ýa-da çygly otagda saklamak maksada laýyk däldir. Özboluşly ysynyň kelläňi agyrdyp bilýändigi sebäpli, ony myhman, iş, çaga otaglarynda, ýatylýan otagda saklamak hem maslahat berilmeýär. Öý dermanhanajygy gury, garaňky, salkyn jaýda, çagalar üçin elýeterli bolmadyk ýerde, meselem, daşky jaýda (girelgede) ýa-da eýwanda saklanmalydyr. Dermanlary täsiri (meselem, aşgazan-içege dermanlary, ýürek dermanlary, nerwleri köşeşdiriji dermanlar) ýa-da görnüşi (suwuk, ýag, dermanlyk ösümlik,...) boýunça toparlara bölüp, her topary aýry-aýry gapjagazlarda ýerleşdirmeli. Çüýşeleriň, çüýşe gaplaryň agzyny berk ýapmaly. Käbir dermanlary sowadyjyda saklamalydygyny unutmaň! Sargy-daňy serişdelerini, pamygy uly guta salmaly. Beýleki bir uly gutuda sanjym enjamlaryny ýerleşdirmeli. Termometri, tonometri, glýukometri we ş.m. beýleki lukmançylyk enjamlaryny tekjelerde görnüp duran ýerde goýmaly. Dermanlaryň ulanyş möhletini wagtal-wagtal barlap durmaly. Ulanyş möhleti geçen, saralan, gyrasy döwlen, owranan, ýörite gözükdirmesi (instruksiýa) ýok bolan, daşyndaky haty öçen dermanlary, içi bulanyk görünýän, düýbünde çökündi bolan çüýşeleri möhleti geçmese-de çalşyp durmaly. Dermanlary ulanmak boýunça käbir düzgünleri ýatlap geçmek hem artykmaçlyk etmese gerek!? Islendik bir dermany diňe gözükdirmesi bilen oňat tanyş bolanyňdan soň ulanyp başlamaly. Sebäbi ony ulanmaga garşy görkezmeleriň bolmagy mümkin. Meselem, aşgazanyň nemli bardasyny gyjyndyrýandygy sebäpli, aspirini aşgazan-içege kesellerinden ejir çekýän syrkawlara-da, çagalara-da ulanmak maslahat berilmeýär.
Çuň we uly ýaralarda ýody ätiýaçly ulanmaly. Zeperlenen dokumanyň gyjynmagynyň öňüni almak üçin ony açyk ýaralaryň üstüne däl-de, gyrasyna çalmaly. Dermanlary süýt, şire, kompot, kisel bilen däl-de, arassa suw bilen kabul etmeli. Olary nahardan öň ýa-da soň ulanmalydygyny gözükdirmeden okap bilmeli. Öý dermanhanajygyny we onda ýetmezçilik edýän dermanlarydyr lukmançylyk serişdelerini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, dermanhanadan satyn almaly. Hünärmeniň kömegi bilen glýukometri, tonometri we beýleki lukmançylyk enjamlaryny ulanmagyň düzgünlerini dogry özleşdirmeli.

Maýagül GARAJAÝEWA