Lukmanyň maslahatlary
Häzirki wagtda dowam edýän gyş paslynyň howa şertleri dürlüligi bilen häsiýetlendirilip, güneşli, salkyn, ýagynly günler yzygiderli gaýtalanýar. Pasylaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak hökmanydyr.
Şol maksat bilen her birimiz:
1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl.
2. Maşgalanyň ähli agzalarynyň «Oksolin» melhemini ulanmagyny ýola goýmaly.
3. Pasyllara görä geýinmeli we C witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri, ýagny miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini köpräk iýmeli.
4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýada çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
5. Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede iýmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
6. Ýiti respirator ýokanç keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
7. Asgyrylanda, üsgürilende, hökman el-ýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
8. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwmaly, howpsuz araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.
9. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişlidir. Antibakterial serişdeler bolsa wiruslara dälde, bakterialara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýra üzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
10. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, keýik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
11. Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem ýurdumyzda ýola goýlan. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary kabul edip biler.