«EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi
9-njy oktýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherindäki «Al bidda» seýilgähinde «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi.
EKSPO — 2023» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň resmi açylyş dabarasynda iki dostlukly döwletiň döwlet senasy ýaňlandy. Öz gezeginde iki tarapyň hem wekilleri çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli pawilýonyny synladylar.
«Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary astynda guralýan halkara bagbançylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýurtda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisidir. Oňa 80-dan gowrak ýurda wekilçilik edýän köp sanly guramalardyr kompaniýalar gatnaşýar.
Häzirki wagtda Doha şäheriniň «Al-Bidda» seýilgähiniň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdanda dürli ýurtlaryň pawilýonlaryny we baglaryny öz içine alýan Halkara zolak döredildi.
Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öňünde ýerleşdirilip, türkmen we iňlis dillerinde gök reňkli yşyklar bilen bezelen «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen ýazgy serginiň esasy mowzugyny şöhlelendirýär. Baý ruhy mirasymyzyň öwüşginlerini häzirki zaman bezegleri bilen utgaşdyrýan milli pawilýonymyzda, esasan, gurak zolaklarda suw bilen üpjünçilik meselesine üns çekilýär hem-de ýurdumyzyň tebigaty goramak babatdaky tagallalary görkezilýär.
«EKSPO — 2023» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli gününi medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bezedi. Dabaranyň barşynda «EKSPO Öýünde» resmi kabul ediliş hem geçirildi.