KADALARY BERK BERJAÝ EDELIŇ!
◊ Agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynyň! Bir gezeklik lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ikinji gezek ulanmaň! Örtük dakynylanda, dem alyş ýollary arkaly kesel geçmeginden goranmak maksadynda, onuň bilen agzyňyzy we burnuňyzy ykjam ýapyň!
◊ Witaminlere baý gök-bakja önümlerini köpräk iýiň! Olar bedeniň immunitetini ýokarlandyrmakda juda ähmiýetlidir.
◊ Öýüňizde we iş ýeriňizde arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý edip,
ýygy-ýygydan tämizleýiş işlerini geçirip duruň!
◊ Gap-gaçlary ulanmazdan öň hem, ulanyp bolandan soň hem, tämizleýji serişdeler bilen gyzgyn suwda gowy edip ýuwuň!
◊ Çygly süpürgiçlerden peýdalanyň! Olar bilen ulanýan şahsy zatlaryňyzy (telefonyňyzy, açaryňyzy, goşar sagadyňyzy...) ýygy-ýygydan tämizläp duruň!
◊ Taýsyz tebigy melhemleriň biri hasaplanylýan sarymsagy her gün diýen ýaly iýiň! Sarymsak we ajy burç goşulan milli tagamymyz bolan unaşy hem her hepdede içiň!
◊ Eliňizi hemişe arassa saklaň, ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň!