MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINDE ALNYP BARYLÝAN IŞLERIŇ DEPGINI BILEN TANYŞDY


MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINDE ALNYP BARYLÝAN IŞLERIŇ DEPGINI BILEN TANYŞDY



15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.