Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi



31-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda täze 2020 — 2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk, sebitleri we paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.