Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi



Paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.