Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy


Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy



15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän enjamlar bilen tanyşlygyň dowamynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, çyzgylary bilen içgin gyzyklandy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna merkezde taýýarlanýan uçarmansyz uçýan enjamlaryň mümkinçilikleri, häsiýetli aýratynlyklary ýörite çyzgylaryň, suratlaryň we beýleki serişdeleriň üsti bilen jikme-jik habar berildi.