Baş baýlyk
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, ýurdumyzda adamyň iň gymmatly baýlyk bolmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýöredilýän syýasatyň ynsanperwerlikli garaýyşlaryndan, ruhy akabalarymyzyň, milli mirasymyzyň ýörelgelerinden ugur alýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykarýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly: «Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsanjy, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmeniň ruhy älemi siňipdir». Şol ruhy älemiň bir bölegi hem ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan atalar sözleri we nakyllardyr. Çuň many-mazmunly atalar sözlerini hem nakyllary özünde jemleýän, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirilen «Paýhas çeşmesi» kitaby her bir okyjynyň, şol sanda saglygy garaýyş ulgamynda zähmet çekýän her bir adamyň ýankitabyna öwrüldi. Biz bu kitapdan gündelik durmuşymyzda möhüm bolan durmuş sapaklaryny susup alýarys. Onda jemlenen parasatly sözler gündelik durmuşymyzda iş salyşmaly bolýan adamlarymyz bilen dil tapyşmaga hem özüniň oňaýly ýardamyny berýär.
Türkmen halk döredijiliginiň bu görnüşi, dogrudan hem, durmuşyň ýol-ýörelgesinde her bir adama ugur görkeziji, ýol salgy beriji pähim-parasada eýlenen baýlykdyr. Nakyllardyr atalar sözleri özleriniň gysgalygy, bir sözde köp many aňlatmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
«Saglygym — baýlygym» diýen ata-babalarymyz nakyllardyr atalar sözlerine hem saglygyň gözbaşy hökmünde garapdyrlar. Saglyk bolan ýerde baýlyk boljakdygyna, ähli baýlyklaryň saglyk bilen gazanylýandygyna dogry düşünipdirler. Bu düşünje nakyllardyr atalar sözlerinde hem öz şöhlelenmesini tapypdyr. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan nakyllar hem ünsüňi özüne çekýär.
Elbetde, nakyllardyr atalar sözleri özleriniň köp nusgalylygy bilen hem tapawutlanýar. Bu ýagdaý kitapda ýerleşdirilen «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllaryň üsti bilen hem tassyk bolýar.
Saglyk — adamzadyň iň gymmatly baýlygy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy —
diýip, munuň şeýledigini anyk kesgitläpdir.
Saglygyň adamzadyň iň gymmatly baýlygydygyny halkymyzyň arasynda gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz hem doly tassyklaýar. Birek-birek bilen hal-ahwal soraşylanda aýdylýan «Sag-aman ördüňizmi?», «Sag-aman oturanmysyňyz?», «Öý-içeri saglykmy?» ýaly hoşniýetli sözler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Adam birek-birek bilen hoşlaşanda hem biri-birine «Sag bol!» diýmek bilen, birek-birege iň uly baýlygy — saglygy arzuw edýär. Ata-babalarymyzdan gelýän edim-gylymlaryndan ugur alyp arassaçylyk düzgünlerini berjaý etsek, onda saglygymyzy gorarys.
Bagtyýarlyk zamanamyzda halkymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda hem berkitmekde amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny arzuw edýäris! Goý, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Annanazar AMANNAZAROW