Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseri hytaý dilinde çapdan çykdy


Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseri hytaý dilinde çapdan çykdy



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýurtlaryň köpüsiniň ylym jemgyýetiniň we jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri türkmen halkynyň baý ruhy-taryhy mirasy barada gürrüň berýän we siwilizasiýanyň ösüşine goşan saldamly goşandyna şaýatlyk edýän bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge isleg bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işiniň daşary ýurtda ilkinji akademiki terjimesi ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutanynyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilinde neşir edilmegi Hytaýyň dostlukly halkyna türkmen halkynyň medeniýeti we dünýagaraýşy bilen tanyşmaga, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk, döredijilik, ahlak we mertebe ýaly müdimi umumadamzat gymmatlyklary beýanyny tapan türkmenleriň milli ýörelgelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.
Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerinden ugur alýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilen «açyk gapylar» daşary syýasatyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýurdumyzda «Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýyl neşir edilmeginiň uly ähmiýeti bar, ol parahatçylyk medeniýetini giňden ýaýmaga we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň ösmegine ýardam eder.