BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY


BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY

«Edebiýat we sungat» gazetiniň habar bermegine görä, Baýrammämmet Dawudow 1962-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda dogulýar. 1970-nji ýylda etrabyň 3-nji orta mekdebinde okap başlaýar. Aýdym-saza bolan höwesi ony sazçylyk mekdebine alyp barýar. Ol bu mekdepde dädesiniň elinde dutar çalmakdan tälim alýar. Bir gün dädesi oňa: «Oglum, seniň barmaklaryň inçejik, tüýs gyjak çalmaga gelşip dur, sen gyjakda synanyşyp gör» diýýär.

Baýrammämmet söhbedimizi dowam edip: «Dädemiň elime gowşuran gyjagyny syhap başladym, onuň owazyna maýyl bolup, elimden aýrasym gelmedi. Şeýlelikde, dädemiň oňlan saz guralyna bütin durkum bilen berildim. Gyjak meni abraýa, il-günümiziň hormatyna ýetirdi. Ilkinji gezek 5-nji synpda okap ýörkäm, elim gyjakly köpçülige çykdym. Şol toýda dädem hem Saryhan agam aýdym aýtdy. Bu ýakymly pursat 1975-nji ýylda Bereket etrabynda bolupdy. Maňa bagşylaryň ýanynda gyjak çalmagy, «gaçmaklygy», «kowmaklygy» öwreden halypalarym — dädem Aşyrmämmet Dawudow bilen agam Saryhan Sapaýewdir» diýdi.

A.Dawudowyň, S.Sapaýewiň ýanynda erjellik bilen gyjak çalan ýetginjek oglana Gyzylarbatdan gelen zehinli gyjakçy Döwletmyrat Berdiýewiň (Döwje lakamly) gözi düşýär. Aşyrmämmet agalarda ençeme gezek myhmançylykda bolan gyjakçynyň ýaş oglanyň bu saz guralyna bolan yhlasyna göz ýetirýär. Onuň geljegine uly ynam bildirip, ak pata berýär. Şonda Döwje sazanda oglanyň özi ýaly çepbekeý çalýandygyny görüp, saz guralynyň täsin syrlaryny oňa öwredýär.

— 1981 — 1983-nji ýyllarda harby gullukda boldum. Meniň gyjak çalýandygymy bilen gullukdaşlarym saz guralymy getirtmegimi haýyş etdiler.

Oglanlaryň haýyşyny oňladym. Gyjagym özüme gowuşdy. Şondan soň her günümiz aýdym-sazly geçdi. Gullukdan dolanyp gelenimden soň, etrabymyzdaky edarada ot kerçeýän maşynlaryň çalgyjyny ýitileşdirmek bilen meşgul boldum. Bir gün meniň iş ýerime Bereket etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri Sary Nazmeňliýew gelip: «Sen ertir medeniýet bölümine bar» diýdi. Ertesi onuň ýanyna bardym — diýip, Baýrammämmet söhbedini dowam etdi. — Şeýlelikde, ykbal meni Sary Nazmeňliýewiň goldamagynda, sungat ýoluna düşürdi. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda meşhur sazanda Han Akyýew ýörite öýümize gelip, Mara işlemäge alyp gitjek boldy. Onuň hem sebäbi, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Gulbaba barada oýun goýulýan eken, şol oýunda baş keşpleriň birini ýerine ýetirmelidim. Halypa ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy, ýöne men göwnemedim. Han aga muňa örän gynandy. Şol pursat ýadyma düşende, häli-häzirem özümi oňaýsyz duýýaryn. Şol ýyllarda Aşgabatdaky Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň mugallymy Sapargeldi Çüriýew etrabymyza gelende çalan sazlarymy diňläp: «Sende ýiti zehin bar, sen hökman bu ugurdan bilim almaly» diýip teklip etdi. Şeýdip, 1987 — 1992-nji ýyllarda Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okadym. Ussat halypa Annageldi Jülgäýewden tälim aldym.

1992-nji ýylda ýaş bagşylaryň arasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde on bagşynyň ählisiniň ýanynda gyjakda sazandarlyk etdim. Şol ýyl bäsleşigiň ýeňijisi Gyzylarbat etrabyndan Derýaguly Hanow boldy.

1996-njy ýylda ussat bagşy Hangeldi Annamyradow öýümize geldi. Ol dädeme ýüzlenip: «Aşyr däde! Men-ä siziň ýanyňyza uly haýyş bilen geldim. Baýrammämmedi maňa gyjakçy edip berseň» diýdi. Dädem bagşynyň göwnüni ýykmady: «Özi razy bolsa, ýoly açyk, işiňiz rowaç bolsun!» diýdi. Men üç ýyla golaý (1996 — 1999) Türkmenistanyň halk artisti Hangeldi Annamyradowyň gyjakçysy boldum.

1992-nji ýylda Balkanabat şäheriniň günbatarynda Garaşsyzlygymyzyň bir ýyllygyna bagyşlanyp, ak öýler tutulyp, at çapdyrylyp, aýdym-sazly dabara ýokary derejede gurnalypdy. Bu toýa ýurdumyzyň belli bagşy-sazandalary geldi. Şonda Aşyrmämmet aga, Baýrammämmet dagy bolup otyrkak, öýe ussat gyjakçy Ata Ablyýew salam berip girdi. Halypalar gadyrly görüşdiler. Halypa ýürege ýakyn sazlary çalyp, alkyş baryny aldy. Soňra Ata aga oturanlara ýüzlenip: «Bu jadyly senede ussatlyk bilen erk edip bilýän sazanda sizde-de bar. Ol, ynha, aramyzda otyr. Baýrammämmet jan, gel, sen meniň ornumda otur-da, toý dabarasyny dowam et!» diýip, oturanlar bilen hoşlaşyp çykyp gitdi. Halypanyň şol sözleri sazandanyň göwnüne ganat bekledýär. Men birnäçe bagşy-sazandalar, döredijilik adamlary bilen söhbetdeş bolanymda, olar Baýrammämmet gyjakçy barada ýakymly sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň halk artisti, gyjakçy Baýrammyrat Söýünow: «Baýrammämmediň adamkärçiliginiň özi uly hormata mynasyp. Ol ussatlyga ýeten sazanda» diýip baha berse, bagşy Derýaguly Hanow: «Baýrammämmet sazy örän şirin çalýar» diýýär. Bagşy Çaryýar Taýlyýew: «Baýrammämmet çepbekeý bolsa-da, çalýan sazyny sag elde çalmak düzgüninden çykman çalyp bilýän ussatdyr» diýýär.

B.Dawudowyň döreden «Ajap zaman», «Türkmen», «Türkmenim» ýaly aýdymlary tanymal bagşylaryň döredijiligini bezedi. Onuň çalan «Tomaşaly», «Sorama», «Garja» ýaly halk sazlary radioýaýlymlar arkaly ildeşlerimize ýetirilýär. Ençe ýyldyr Baýrammämmet Dawudow şirin labyzly sazy bilen toýlary bezäp gelýär. Ussat sazandanyň ýetişdiren şägirtleri-de ýurdumyzda giňden tanalýar. Baýrammämmediň üç oglunyň üçüsi hem dädeleriniň kesbi-kärini dowam edýärler.

Amangeldi HYDYROW,