Köp sanly jaý toýlary «Döwlet adam üçindir» diýen şygaryň dabaralanmasy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10-njy noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.
Ir bilen bu ýerde uly baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Ýygnananlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş jaý toplumynyň öňünde gurnalan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň (arkanyň) ýanyna barýar. Bu ýerde milli Liderimizi çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar, olar joşgunly goşgulary aýdýarlar. Döredijilik toparlary mähriban hem-de abadan Watanymyzy, agzybir we jebis türkmen halkyny hem-de onuň milli Lideri—Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän ajaýyp öwüşginli aýdym-tans maksatnamasy bilen çykyş edýärler.
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: milli Liderimiz körpeler bilen bilelikde baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň ýanyna barýar hem-de dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, paýtagtymyzyň täze binalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki şarlar uçurylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze binalary we baýramçylyk dabaralaryny synlap, ýoluny dowam etdi.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň bu künjeginde bina edilen täze desgalar çalt depginde ösýän ak mermerli Aşgabadyň keşbine ýene-de bir özboluşly gözellik çaýar. Bu häzirki zaman taryhy eýýamyň gazananlaryny wasp edýän owazda öz şöhlelenmesini tapýar.
Toý dabarasy täze açylýan «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezinde dowam etdi. Bu ýerde milli Liderimizi sungat ussatlary ruhubelentlikli çykyşlary bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz «Gül zemin» Söwda-dynç alyş merkezi bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şol pursatda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweniniň barýan ýolunyň ugrunda joşgunly «Küşt depdi» tansy ýerine ýetirildi. Oňa dabara gatnaşyjylaryň ählisi ruhubelentlik bilen goşuldylar.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň şu künjeginde ulanylmaga berlen täze desgalar okgunly ösýän Aşgabadyň görküne görk goşdy. Paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti her ýyl iri ýaşaýyş toplumlary, dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Türkmen paýtagty soňky ýyllarda gurlan we ulanylmaga berlen ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabady ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, onuň binagärlik keşbinde şähergurluşyk ulgamynda gazanylanlar hem-de inžener-tehniki pikiriň belent sepgitleri we şunuň bilen birlikde, milli binagärligiň hem-de bezegiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi hem bu kitapda mynasyp orun eýeledi.
Türkmen paýtagty gündizine bolşy ýaly, gijesine hem ajaýyp keşbi bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Dürli reňkde öwşün atýan täsin suw çüwdürimleri, özboluşly binalaryň bezegi, paýtagtymyzyň giň şaýollaryna, meýdançalaryna we seýilgählerine nur saçýan çyralar şäheriň gözelligini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň kerwenbaşysy bolmak bilen, Aşgabat häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.
Şeýle hem milli Liderimiziň adyndan 16-njy tapgyryň desgalarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, täze ýol boýunça awtoulaglaryň köpçülikleýin hereketi başlandy.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir öçmejek sahypany ýazdy. Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär.