Agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti
Köp sanly wirus ýokançlarynyň adamlara ýokuşma ýollarynyň esasylarynyn biri howa-damja ýoly hasap edilýär. Şonuň üçin-de agyz-burun örtüklerini ulanmak wirus ýokançly keselleriň öňüni almakda iň ygtybarly serişdedir. Çünki agyz boşlugynyň suwuklyklarynyň damjalarynyň düzümindäki wiruslar üsgürilende, asgyrylanda 1,5 - 2 metre çenli ýaýrap, başga bir adamyň agyz ýa-da burun boşlugyna düşmek arkaly wirus ýokançly keselleriň ýokuşmasyny döredýär.
Wiruslaryň ýaşamagy üçin nemli barda, iýmit we belli bir derejede gyzgynlyk gerekdir. Olar jansyz jisimleriň üstünde uzak ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin agyz-burun örtükleriniň üstüne düşen wiruslar gysga wagtyň içinde ölýärler. Şeýlelikde, keseliň ýokuşma hadysasy ýüze çykmaýar. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir ýokanjyň däl-de, köpsanly wirusly ýokançlaryň, şol sanda dümewiň öňüni almakda hem ähmiýetlidir.
Lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň adam saglygy üçin başga peýdalary hem bardyr. Olar adamyň dem alandaky howasyny gyzdyrmakda ähmiýetlidir. Gyş hem-de güýz paslynda daşky gurşawyň howasy sowuk bolýar we dem alnanda, agyz, burun we dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň nemli bardasynyň gan damarlarynyň gysylmagyna getirýär. Bu bolsa ýerli nemli öýjükleriň goranyş ukybynyň peselmegine getirýär. Netijede, respirator ýokançlarynyň döremegine şert döreýär. Şeýle ýagdaýyň döremezliginde agyz-burun örtükleri howany gyzdyrýanlygy bilen ähmiýetli bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ilatymyzyň sagdyn bolmagy üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Şunda agzybirlikde agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň ýönekeý usuldygyna garamazdan, netijeli öňüni alyş çäreleriniň biridigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris.
Hoşgeldi KADYROW