Saglygymyzy goralyň!


Saglygymyzy goralyň!



Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Antibakterial serişdeler wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy göreşmäge ukyply. Olary nädogry ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Mähriban Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlandyr. Her birimiz sanjymy öz maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp alyp bilersiňiz.
Mähriban adamlar, eziz ildeşler! Keselleriň öňüni alyş sanjymlary, ilki bilen, sanjymy alan adamyň, galyberse-de, onuň daş-töwereginiň netijeli goraglylygynyň kepilidir. Lukmanyň bellän degişli barlaglaryndan geçiň we sanjym etmek üçin kesgitlenen güni rahat ýagdaýda boluň. Möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlary kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar.
Hormatly adamlar, mähriban ene-atalar! Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda kabul ediň we bu babatda öz perzentleriňize şahsy görelde boluň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.