Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri


Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly bolan 2024-nji ýylyň başynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Bular bilen bir hatarda türkmen medeniýeti we sungaty hem gülläp ösýär.

Ýaňy-ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Aýdym sungaty» kafedrasynyň sazandasy, ýagny fortepiano saz guralynda ýerine ýetiriji Ýekaterina Darçiýa P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Russiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen Moskwa şäher Medeniýet müdirliginiň kömegi we «Музыкальный клондайк» atly maglumat beriş merkeziniň hemaýat bermeginde «Sungatyň çägi» («Территория творчества») atly ýaş sazandalaryň we ýerine ýetirijileriň arasynda geçirilen II Halkara bäsleşigine gatnaşyp, diploma mynasyp boldy. Ol bu bäsleşige öz ýaş düzüminde, ýagny ikinji uly ýaşlar kategoriýasy (25 ýaşdan ýokary) boýunça gatnaşyp, bäsleşikde diploma mynasyp boldy. Bu bäsleşige ýerine ýetiriji «Aýdym sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, ussat wokal aýdymçysy Žanna Saýýan bilen bilelikde gatnaşyp, onuň bilen bilelikde daşary ýurt we türkmen nusgawy eserlerini ýerine ýetirdi.

Ýagny, olar J.Werdiniň «Trubadur» operasyndan Leonoranyň Kawatinasyny, W.Belliniň «Norma» operasyndan adybir gahrymanyň kawatinasyny hem-de ussat türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň «Geler» hem-de «Haýrana galar» romanslaryny ajaýyp ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşige Russiýanyň at gazanan medeniýet we sungat işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, professor hem-de Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektory A.Sokolow ýolbaşçylyk edip, Russiýanyň at gazanan artisti, Moskwa şäher edebiýat we sungat baýragynyň eýesi şol konserwatoriýanyň ylmy-metodiki taýdan taýýarlaýyş kadrynyň ýolbaşçysy Ýe.Sawelýewanyň hem-de emin agzalarynyň başlygy hökmünde «Konsertmeýsterçilik sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, aspirant Iwan Koşeýew hem-de emin agzalary hökmünde Mihail Korşunow, Nikolaý Manakow we Natalýa İgumnowa dagy eminlik etdiler.

Bäsleşik barada aýtsak, III tapgyrlaýyn sanly ulgam arkaly (online) geçirilip, 1-nji noýabrdan 7-nji fewrala çenli geçirildi. Bäsleşik Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň gurnamagynda geçen ýyldan bäri geçirilýär. Bu bäsleşige geçen ýyl «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy S.Faramazowa hem gatnaşyp, diploma mynasyp boldy. İndiki ýyl bolsa bäsleşik Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň aspiranturasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegine garaşylýar.

Biz bolsa, okuw jaýymyzyň ýaş ussat sazandasy Ýekaterina Darçiýa we bäsleşikde gazanan netijeleri bilen gutlap, indiki bäsleşiklerde hem olara has-da uly üstünlik arzuw edýäris.

Şular ýaly bäsleşiklere gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredip berýän, türkmen medeniýetini we saz sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda uly ýardam edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymy aýtmak isleýärin. Goý olaryň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Kuwwat ÝOWBASAROW