Tanyşdyrylyş dabarasy


Tanyşdyrylyş dabarasy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Alym Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby täze başlanan okuw ýylynyň ilkinji günlerinde talyp ýaşlara uly sowgat boldy. 2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mejlisler zalynda bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň ýolbaşçysy hem gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň gymmatlylygy, onda ýerleşdirilen maglumatlaryň ähmiýeti dogrusynda talyp ýaşlara gürrüň berdiler.
Dabara watanymyzyň ösüşlerini, Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlar bilen dowam etdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Arkadag Liderimiziň döredijilikli ýolunyň dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw etdiler.