Ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen türkmen saçaklarynyň berekedi artýar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary


Ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen türkmen saçaklarynyň berekedi artýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary



10-njy iýunda Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, seýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sebitde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumynyň düzüm bölümleriniň ösüşi bilen baglanyşykly uly özgertmeler bolup geçýär. Döwlet Baştutanymyzyň gallaçy kärendeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselelerine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyny hem-de daýhanlaryň gyzyklanmasynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň awtoulagy Amanberdi Pürsähedowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy. A.Pürsähedow milli Liderimize hoşallyk bildirip, bu ýerde gallaçy daýhan 25 gektar ýeri kärendä alyp, oňa bugdaýyň «Goşant» atly görnüşini ekip, ösdürip ýetişdirendigini habar berdi.

Milli Liderimiz kärendeçileriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, bereketli hasyl almagy üçin mundan beýläk-de hemme şertleriň dörediljekdigini nygtap, gallaçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Oguzhan etrabyna tarap ugrady. Az salymdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alma bagyny ösdürip ýetişdirýän «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanyna geldi.
Döwlet Baştutanymyzy bu hususy kärhananyň ýolbaşçysy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Toýly Çaryýew mähirli garşylaýar. Milli Liderimiz hususy kärhananyň gawun, garpyz, miweli baglar ýetişdirilýän ekinlerini gözden geçirdi.
T.Çaryýew öz kärhanasynyň işi barada gürrüň berip, 640 gektar ýeriň maldarçylyk üçin ulanylýandygyny habar berdi. Şonuň 630 gektarynda ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirilýär, 10 gektary bolsa maldarçylyk toplumy üçin niýetlenendir. Ol ýerde häzirki wagtda gurluşyk işleri dowam edýär. Çünki hususy kärhana Tatarystandan getirilen hem-de ýerli howa şertlerine uýgunlaşan ýokary öndürijilikli 300-e golaý iri şahly mallary saklaýar. Kärendeçi ýylyň ahyryna çenli mallaryň baş sanyny 750-ä çenli ýetirjekdigini hormatly Prezidentimizi ynandyrdy. Mundan başga-da, ýene 300 gektar meýdanda üzümçilik, miweli baglar ýaýylyp gidýär hem-de gök-bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol önümler milli Liderimize görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçä kesbinden kemal tapmagyny arzuw etdi hem-de oňa gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy. Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergini synlady.