WELAÝATLARYŇ DOLANDYRYŞ-ÇÄK GURLUŞYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ MESELELERINE GARALDY


WELAÝATLARYŇ DOLANDYRYŞ-ÇÄK GURLUŞYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ MESELELERINE GARALDY



22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öň¬de durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.