Türkmen gyzynyň Fransiýadaky üstünligi


Türkmen gyzynyň Fransiýadaky üstünligi



Ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň ajaýyp owazyndan ylham alýan zehinleriň kalbynda belent joşgun bar. Şol joşgundan döreýän aýdym-saz eserleri bilen ýaşlarymyz halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň skripka hünäriniň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa Fransiýa döwletiniň Nissa şäherinde professional sazandalaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldy. Bu halkara medeni çärä 30 döwletden – Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Bolgariýa, Sloweniýa, Ukraina, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, ABŞ we başga-da birnäçe döwletlerden ussat aýdymçylar, sazandalar, tansçylar we artistler gatnaşdylar. Türkmen ýaşlarynyň daşary döwletlerde geçirilýän bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmaklary täze döredijilik gözleglerine ataryp, dürli halklaryň sungat ussatlary bilen aýdym-saz sungaty arkaly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ýardam edýär.
«Çekseň zähmet – ýagar rehnet» diýilişi ýaly, islendik hünärde hem üstünlik gazanmak, kämillik menzillerini nazarlamak ukyp-başarnygyňa hem-de çekýän zähmetiňe bagly bolup durýar. Jemal Agajanowa Türkmenistan diýarymyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýär. Ol 2019-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdepleriniň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy. Şeýle-de 2020-nji ýylda Azerbaýjan döwletiniň Baku şäherinde nusgawy sazyny ýerine ýetiriji ýaşlaryň arasynda geçirilen IX halkara bäsleşikde üçünji orna – Halkara bäsleşiginiň laureaty adyna mynasyp boldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa paýtagtymyzda geçirilýän dürli dabaralara, konsertlere işjeň gatnaşýar. Ol Döwletmämmet Ökdirowyň ýolbaşçylygyndaky «Ylham» kamera orkestrinde, şeýle-de Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrinde skripka çalyp, tejribesini artdyrýar.
Ýüregi hyjuwdan doly Jemala mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini hem-de halkara bäsleşiklerinde şowly çykyşlary arzuw edýäris! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş eden ajaýyp zamanasyndan ruhlanýan zehinli ýaşlarymyzyň üstünlikli gadamlary batly bolsun!

Gülzada GULDURDYÝEWA