Arassaçylyk — sagdynlygyň girewi


Arassaçylyk — sagdynlygyň girewi



Gigiýenanyň düzgünleri doly we dogry berjaý edilende, dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygy ylmy taýdan hem durmuş tejribesinde doly subut edilendir. Şu nukdaýnazardan, biz arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Köp keselleri döredijileriň iýmitiň, suwuň, hapa elleriň üsti bilen geçip, agyz boşlugyna düşýändigi sebäpli dürli nähoşlamalar bolýar.
Gigiýenanyň iň ýönekeý, ýöne zerur düzgüni öýde naharlanjak wagtyňyz, nahary taýýarlaýan wagtyňyz, nahardan soň, daşardan gelnende, elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. Şeýle edilende, kesel döredijileriň iýmitiň üsti bilen agza düşmeginiň, şeýle-de, ýokanç keselleriň döremeginiň öňi alynýar. Ýaşalýan, dynç alynýan otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip duruň, tämiz howa immunoulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar we kesele garşy göreşijilik ukyby güýçlendirýär. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmaly, tozan bolmazlygyny gazanmaly. Ol adamyň gözüne görünmeýän mikroblary ýok edýär, dynç alynýan wagtynda ýokary dem alyş agzalaryň işjeňligini gowulandyrýar. Öýdäki zir-zibilleri, dürli görnüşdäki galyndy böleklerini kän üýşürmeli däl. Olara dürli mör-möjekleriň ýygnanmagynyň netijesinde, birnäçe keselleriň döremeginiň ähtimaldygyny unutmaň! Çig önümler, nahar galyndylary adamyň saglygyna zyýan ýetirip bilýär. Şonuň üçinem, nahary taýýarlanan badyna iýmelidir. Eger-de iýmit taýýarlanylandan soň 2 sagat çemesi saklanjak bolsa, onuň düzümi üýtgemez ýaly hökmany suratda sowadyjyda saklanylmalydyr. Iýmit taýýarlanylýan ýerler hemişe arassa ýagdaýda bolmaly. Azyk önümlerini himiki serişdeler saklanan gaplara salmaň we nahar taýýarlanylýan ýerleriň golaýynda saklamaň! Içilýän agyz suwy gaýnadylan bolmaly ýa-da ýörite gaplanan arassa suwlardan içmeli. Azyk önümlerini arassa, gök önümleri dury suwda gowy edip ýuwup iýmeli.
Eger-de howluda ýaşalyp, mal-gara, towuk-jüýje saklanylýan bolsa, ilkinji nobatda, ýataklar gigiýenanyň düzgünlerine laýyk gelip arassa bolmalydyr. Mal-garalar, towuk-jüýjeler weterinar lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr. Sebäbi biz olardan önýän etdir ýumurtgalary elmydama azyklyk iýmit hökmünde ulanýarys. Şäherden çetde, oba ýerlerinde uly suwly ýaplara, howuzlara golaý ýerde ýaşaýan adamlar, ene-atalar, esasan-da, çagalara tomus möwsüminde ýaplardan, howuzlardan suw içmeli däldigini aýdyp, düşündirip durmalydyr. Tomus günlerinde ak bazarlarymyzdan dürli ir-iýmişleri bolelin tapyp bolýar. Bu önümleriň düzümindäki ýokumlaryň saglyga juda peýdalydygy hemmämize mälimdir. Gök önümleri, ir-iýmişleri dury suw bilen oňat ýuwup iýmelidir.
Biz şahsy gigiýenanyň talap edilýän ýönekeý düzgünlerini berjaý etmek bilen, saglygymyzy gorap, jemgyýetde sagdyn durmuşy kemala getirmäge goşandymyzy goşup bileris. Janyňyz hemişe sag bolsun!

Sona ILMUHAMMEDOWA