“Arkadagyň ylmy- genji hazynasy”


“Arkadagyň ylmy- genji hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 61-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” köp jiltli atly ylmy-ensiklopedik kitaplary esasynda “Arkadagyň ylmy- genji hazynasy” atly wagyz-nesihat çäresi geçiridi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp eserleri gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygyny belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryda öň öwrenilmedik hem-de halk lukmançylygynda örän uly ähmiýete eýe, diňe türkmen topragyna mahsus dermanlyk ösümlikleriň şypa berijilik ähmiýeti, melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, saklanylşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanyşy hem-de ulanylşy barada maglumat berilýädigi şeýle-de bu kitaplaryň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň türkmen topragyna gelip görmek islegini oýarýandygyny, bu bolsa öz gezeginde syýahatçylygyň ösmegine ýardam berýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy eserlerinden sergi gurnaldy.
Çäräniň ahyrynda mähriban Watanymyzda hemişe abadan, sagdyn durmuşyň höküm sürmegini, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.