Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky medeniýet hepdeligi geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky medeniýet hepdeligi geçirildi



2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň oktýabr aýynyň 17-24-i aralygynda wideooperator jenap Smuele Malfatti ýokary okuw mekdebimiziň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar bilen “Wideo art” boýunça ussatlyk okuw sapagyny geçirdi. Samuele, ussatlyk sapagynda talyplara wideoçeperçilik sungatynyň inçe tilsimlerini Davinci Resolve hem-de Adobe Premier Pro atly kompýuter programmalaryň üsti bilen giňişleýin düşünje berdi. “Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýilşi ýaly, Samuele täze pikiri döretmek üçin könäni ýatdan çykarmazlygy, ýeri gelende olary hem ulanmagy talyplara yzygiderli nygtady.

Ussatlyk okuw sapagynyň dowamynda Samuele Malfatti talyplaryň pikirlerini diňläp, olar bilelikde dürli wideolary şekile geçiridiler we talyplar bilen bilelikde wideoçeperçilik sungatyna özleriniň goşantlaryny goşdular. Bu bolsa talyp ýaşlaryň sungat ýolunda tejribeleriniň has-da artmagyna getirdi.

Ussatlyk okuw sapagynyň ahyrky günlerinde jenap Samuele Malfatti şeýle diýdi: - “Gadyrly dostlar, men siziň bilen tanşanyma örän şat! Iki aýry döwletlerdigimize garamazdan bilelikde düşünişip, örän oňat wideo art sungatyny döretdik. Ähliňiz bu ussatlyk okuw sapagynda işjeň gatnaşdyňyz, men muňa diýseň begendim we biz bilelikde gowy iş çykardyk”.

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky medeniýet hepdeliginiň çäklerinde wideoçeperçilik sungatynyň sergisi geçirildi. Wideoçeperçilik sergisinde Germaniýa, Fransiýa, Italiýa ýurtlarynyň suratkeşleri Teo Eşetunyň, Samuele Malfattiniň we Robert Kaeniň birnäçe işleri görkezildi.

Medeniýet hepdeliginiň dowam edän gyzykly günleriniň çäklerinde geçirilen wideoçeperçilik sungatynyň sergisinde Samuele Malfattiniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilelikde taýýarlan wideoşekilleriniň görkezilmegi serginiň täsirini has-da artdyrdy. Sergide görkezilen wideoşekiller sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.



Gülşat ANNASEÝIDOWA.