Ýolaman Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi


Ýolaman Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşýan halypa sazandanyň egindeşleri, kärdeşleri, şägirtleri Ýolaman Nurymowyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdiler. Halypa sazandanyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, döreden aýdymdyr sazlary hakynda aýratyn durup geçdiler.

Dabarada belli bagşylar Şemşat Hojaýewa, Merdan Baýramow, Nepes Meredow, Aýgül Ýagşyýewa, Garýagdy Saryýew we talyp ýaşlar Ýolaman Nurymowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň we ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň «Türkmenistanym meniň», «Bagtyýar Watan», «Ýaşlyk joşguny», «Watan saňa ýarasam», «Öz ilimiň gara gözli gyzlary» ýaly goşgularyna döreden aýdymlaryny belent heňde ýerine ýetirdiler.