ANTIBIOTIKLERIŇ TÄSIRI


ANTIBIOTIKLERIŇ TÄSIRI



Hormatly ildeşler, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleri sebäpli, näsaglan wagtymyz antibakterial derman serişdelerini ulanýarys. Ýöne antibiotikleri ulanmagyň hem öz düzgünleri bar.

Antibiotikleriň möwsümleýin kesellerde, sowuklamada, bedeniň gyzgyny ýokarlananda hiç bir täsiri ýokdur. Ol diňe bakteriýalara täsir edýär.

Antibiotikleriň ilki bedeniňe bolan duýujylygyny anyklap, soň peýdalanmaly.

Antibiotikleri diňe lukmanyň bellän mukdarynda we sagadynda içmeli.

«Indi gowulaşdym» diýip, antibiotikleri wagtyndan ir bes etmeli däl.

Antibiotikler ulanylýan wagtynda lukmanlaryň gözegçiliginde bolmaly.

Dermany arassa we ýyly suw bilen içmeli. Çaý, kofe, miwe şireleri bilen içseň, olaryň hiç hili täsiri bolmaýar.

Antibiotikler nädogry ulanylsa, böwregiň, bagryň işleýşiniň näsazlygy, deri keselleri ýüze çykyp biler. Şonuň üçin-de olary özbaşdak ulanmakdan saklanyň! Derman serişdelerini çagalaryň elýeterinde goýmaň!

Maýagözel HALMYRADOWA.