«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi


«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi

Şu gün Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi.

Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen alabaýy» merkezlerinde ösdürilip ýetişdirilen arassa tohumly alabaýlaryň 20-si gatnaşdyryldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary alabaýlaryň daşky syn-sypatyna, meýdançada özüni alyp barşyna, eýesi tarapyndan berilýän buýruklary erkin we takyk ýerine ýetirişine, şeýle hem bellenilen ugur boýunça päsgelçiliklerden geçip bilmek ukybyna, işjeňligine baha berdiler. Şeýlelikde, jemleýji tapgyra 10 sany arassa tohumly alabaý seçilip alyndy.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen hormatly ady hem-de göçme kubogy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik 29-njy oktýabrda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň guralýan ýeri bolan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binalar toplumynda geçiriler.