TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÜRLI ULGAMLARDAKY IŞLERIŇ ÝAGDAÝY BILEN TANYŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÜRLI ULGAMLARDAKY IŞLERIŇ ÝAGDAÝY BILEN TANYŞDY



26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylanyldy.