WELOSIPED SÜRSEŇ...


WELOSIPED SÜRSEŇ...



Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, welosiped sporty dünýäde sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Dünýäde 420 milliondan gowrak welosipedçi hasaba alnandyr. Onuň diňe 3 göterimi welosipedi ulag serişdesi hökmünde, 97 göterimi bolsa sport ýa-da sagaldyş maksatlary bilen ulanýar.

* * *
Welosiped sürlen wagtynda beden süňkleriniň 206-sy, myşsalarynyň bolsa 600-e golaýy işjeň herekete gelýär we özara sazlaşygyň saglyk üçin iň peýdaly ýagdaýyny döredýär.

* * *
Welosiped sürmek aýaklarymyzyň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär we olaryň çydamlylygyny artdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar. Şeýle hem beýnidäki we beýleki agzalardaky öýjüklere barýan gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, immunitetiň berkemegine peýda edýär.

* * *
Welosiped sürmek gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr. Aýaklaryň pedalda hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşyň tizleşmegine, mikrosirkulýasiýanyň gowulanmagyna, westibulýar apparatyň türgenleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär.

* * *
Welosipedli gezelençler yzygiderli we dowamly bolmalydyr — azyndan 45 minuta çekmelidir. Welosiped sürmek göz üçin hem peýdalydyr. Uzaga seredip, alysdaky bir zada gözüňi dikmek maşky didäniň myşsalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

* * *
Welosipedde fiziki hereketde bolunmagy bilen maddalaryň alyş-çalşy güýçlenýär, dem alyş çuňlaşýar we ýygjamlaşýar, öýkeniň gaz çalşygy çaltlaşýar. Welosipedde arassa howada, ýagny tozansyz ýerlerde gezelenç etmek maslahat berilýär.

* * *
Welosipedli gezelenç ynsany diňe fiziki taýdan seýislemän, eýsem, ony intellektual taýdan hem kämilleşdirýär. Sportuň bu görnüşi beýniniň ýada jogap berýän böleginde täze öýjükleriň döremegine getirýär. Netijede, adamyň pikirleniş ukyby gowulanýar. Belki, şonuň üçindir, meşhur ýazyjylaryň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň terjimehaly bilen içgin gyzyklansak, olaryň aglabasynyň tigirli gezelenç bilen yzygiderli meşgul bolandygyna göz ýetirýäris.