TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY



Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady.

Duşuşyk başlamazdan ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz we bu iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we BMG-niň baýdagynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

BMG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky däp bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.