Sagdyn durmuş – uly bagt


Sagdyn durmuş – uly bagt



Diýarymyzyň parahatçylygy, halkymyzyň abadançylygy, alnyp barylýan işleriň rowaçlygy, geljegimiziň aýdyňlygy üçin çuňňur aladalanýan hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen gurşalan ýurdumyzyň her bir güni görlüp eşidilmedik öňegidişliklere beslenýär.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen, «Sagdyn durmuş – uly bagt» şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Dabaraly çärede konserwatoriýanyň halypa mugallymlary bilen birlikde Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, Polisiýanyň maýory Juma Pygyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň 2-nji bölüminiň başlygy, Polisiýanyň kapitany Batyr Berkeliýew, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Begenç Baýramow çykyş etdiler.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, belent adamkärçilikli, lebzihalal, arassa ahlakly, ruhubelent bolup ýetişmeklerini gazanmak dogrusynda täsirli söhbetler etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.