Ýaşulylar güni mynasybetli dabara geçirildi


Ýaşulylar güni mynasybetli dabara geçirildi



Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaşulylar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşuly adamlara hormat-sarpa goýmak hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän gymmatlyklary we köpasyrlyk däpleri şol syýasatyň özenini düzýär.
Taryhyň sahypalary, türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän halk nakyllary we pähimler ýaşuly adamlara uly sarpa goýulýandygyna hem-de jemgyýetde olaryň mynasyp orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. «Ýaşulular öýüň daýanjydyr» diýen nakyllar ýaşululara — parasatly halypalara we mugallymlara çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň beýanydyr.
Türkmen professional aýdym-saz sungatynyň halypadan-şägirde geçip gelen ajaýyp eserleri dabaranyň dowamyny düzdi. Konserwatoriýanyň halypa bagşy mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Merdan Baýramow, Garýagdy Saryýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjow, mugallymlar Magtymguly Magtymgulyýew, Mähri Hojaýewa dagylaryň çykyşlary dagabara gatnaşyjylar üçin has-da täsirli çykyşlaryň biri boldy.
Ýaşulylar güni mynasybetli geçirilen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.