Işiň rowaç bolsun, festiwal!
Dünýä halklarynyň senetçilik we amaly-haşam sungaty ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi şäherinde duşuşýar, şu gün Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berler.
Festiwala gatnaşmak üçin düýn ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Eýrandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Özbegistandan milli senetçiligiň görnükli wekilleri Türkmenabat şäherine geldiler.
Şu gün şäherdäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda halkara festiwalyň açylyş dabarasy bolar. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň ganatly sözlerine beslenjek dabarada görnükli medeniýet we sungat ussatlary çykyş ederler.
Şu gün festiwalyň bütin dowamynda işlejek halkara sergä-de badalga berler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryljak sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň senetçilik, amaly haşam sungaty bilen meşgullanýan wekilleri iň gowy eserlerini görkezerler.
Festiwalyň çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmen film» birleşiginiň «Gyzyl kürte» atly çeper filminiň görkezilişi hem bolar. Eýýäm halkara festiwallaryň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara eýe bolan bu çeper filmiň görkezilişi Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçiriler.
Welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaralara gatnaşyjylar «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän merkezinde milli lybaslaryň görkezilişine hem tomaşa edip bilerler. Festiwal daşary ýurtly senetçileriň türkmenistanly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygyny, ussatlyk sapaklaryny hem öz içine alar.
Mahlasy, üç günläp dowam etjek festiwal dostlukly halklaryň milli mirasynyň özboluşly duşuşygyna öwrüler. Festiwalyň esasy meýilnamasyndan daşary, myhmanlar üçin gezelençlerdir beýleki medeni çäreler hem meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan».