Bahar geldi ilime


Bahar geldi ilime

Ata Watanymyzyň ösüşlerinden ruhlanan Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäheriniň Ertekiler dünýäsiniň meýdançasynda «Bahar geldi ilime» ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirdi. Bu çärede ýaňlanan belent owazly aýdymlar, şirin sazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň baky bagtynyň buşlukçysy bolup ýaňlandy. Zehinli okuwçy ýaşlaryň bu aýdymlary Magtymguly atamyzyň bütewi döwlet gurmak, agzybir durmuşda ýaşamak, berkararlyk baradaky belent arzuwlarynyň wysal tapanlygynyň güwäsi bolup ýaňlandy. «Jan Watan Türkmenistan», «Watanym», «Ýaşa Türkmenistan» ýaly aýdymlarda ýaşajyk aýdymçy oglan-gyzlar ata Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuň söýginiň waspyny etdiler. Ýaş sazandalaryň ýerine ýetiren, ýagny «Paýtagt» dutarçylar toparynyň, «Altyn serpaý» skripkaçylar toparynyň, «Bagtyýar bilbiller» hor toparynyň, «Şowhun» fleýtaçylar toparynyň aýdym-sazlary türkmen saz sungatyny ösdürjek zehinli sazandalaryň ýetişip gelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmekde beýik şahsyýetlerimiziň bitiren işlerini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Halkymyzy asuda durmuşda ýaşadýan, ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolup ýetişmeklerinde nusgalyk mekdep bolup durýan Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, eziz Watanymyzyň bagtly şu gününiň, ýagty ertirleriniň şirin owazlary hemişe belentde ýaňlansyn.