Watanymyzyň gözellikleri
«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda uly depginde ösýän watanmyzda her bir günimiz toýdur baýrama beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gülleýär hem-de gül açýar. Watanymyzyň gözelligi täsin türkmen tebigaty dünýäni haýran edýär. Bu gün maý aýynyň 7-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynda ussat fotoşynas Muhammet Amanmämmedowyň döredijiligine bagyşlanyp «Watanmyzyň gözellikleri» atly foto suratlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergiler zalynyň içine özboluşly baý öwüşgin çaýan bu sergi dört bölümden ybarat: ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, galyberse-de ençeme beýleki ýurtlaryň gözel tebigatyny wasp edýän fotosuratlardan, wideo ýazgylardan, şeýle-de fotoapparatlaryň uly toplumyndan we uruş ýyllaryna degişli esbaplaryň ýygyndysyndan düzülen. Muhammet Amanmämmedow Türkmenistanyň çägindäki bäş welaýata syýahat edip we şol ýerleriň tebigy gözelliklerini wasp edýän owadan täsin suratlary düşürmäni başarypdyr. Onuň her bir düşüren suratyny göremizde adamyň kalby heýjana gelýär. Ol diňe tebigatyň suratyny düşirip çäklenmän eýsem, türkmen Ahalteke tohum atlaryny hem açyp görkezmäni özüne makul bilipdir. Sebäbi Ahalteke atlary seçgi boýunça hünärmenleriň köp nesilleriniň zähmetiniň nestijesidir, gadymyýetiň atlary ösdirip ýetişdirmekdäki bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Muhammet Amanmämmedow özüniň düşüren foto suratlarynda köýtendagyň gowaklaryndaky, gadymdan galan taryhy galyndylar, dinozawryň aýak yzlary edil janly ýaly görkezlipdir. Mundan başga-da hazar deňiziniň kenaryny, ýer bilen asmany birikdirýän ýaly görünýän gün ýaşyp barýan ajaýyp pursatlaryny hem beýan edilipdir. Ýurdumuzyň köp bölegini tutýan Garagum çöliniň seýrek duş gelýän haýwanat dünýäsi, müň derde derman hasaplanýan dermanlyk ösimliklerini Muhammet Amanmämmedowyň sergide görkezilen foto suratlarynda öz ornuny tapýar. Biziň Paýtagtymyzy etekläp oturan Köpetdagyň bahar paslynda al-ýaşyl öwüsýän gyş paslynda bolsa ak gara bürenýän dag gerişlerini hem fotosuratçy öz suratlarynda wasp edipdir.
Serginiň Beýik Ýeňisiň 75-ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegi, ýagny ata-babalarymyzyň eden gahrymançylyklaryna hormat goýmak we talyp-ýaşlaryň watançylyk ruhuny oýarmak maksady bilen, serginiň merkezi bölüminde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda esgerleriň ulanan harby enjamlary, harby lybaslary we bu uruşda Watana wepalylygyny görkezen we wepat bolan gahrymanlar hakyndaky arhiw maglumatlary, fotosuratlary ýerleşdirildi. Watanymyzyň erkinligini hem-de garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz esgerler baradaky şöhrat, halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy, milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» ýadygärlik kitaplarynda edebileşdirildi. Milli sungatymyzy dürli görnüşlerinde wasp etmek döredijilik adamlarynyň ruhuna mahsusdyr. Döredijilik adamlary hem owadanlygyň sakasyny tebigatda görip onuň ajaýyp pursatlaryny öz eserlerine geçirmäge, şeýle mümkinçilikleri döredip berýän sungatymyzyň hak howandary gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn.