Arassaçylyk düzgünleri


Arassaçylyk düzgünleri



Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir.
Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmaly.
Dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklary bilen hem meşgullanmalydyr. Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Arassaçylygy egin-eşik, aýakgap gigiýenasy, iýmit gigiýenasy, zähmet gigiýenasy, jemgyýet gigiýenasy ýaly toparlara bölmek bolýar.
Şahsy beden arassaçylygyna birnäçe talaplar degişli bolup, ol adamyň zähmete bolan ukybyny gowulaşdyrýar, uzak ýaşamagyny üpjün edýär, kesellerden goraýar. Beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Bedeniň arassalygy egin-eşige, aýakgaba, ýorgan-düşegiň arassalygyna-da baglydyr.

Adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, diş çotgalaryny şärikdeşlikde ulanmaly däldigini düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr.

Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri bilip, berjaý etmäge çalyşmalydyr. Ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr. Gök we bakja önümleri köpräk iýmelidir. Gök önümler we miweler iýilmezden öň gowy edip akar suwda ýuwmalydyr. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler, süýt we süýt önümleriniň saklanyşyna üns bermelidir we arassa bolmalydyr. Nahary ýapyk gapda saklamalydyr. Iýmit taýýarlanylýan ýeri hemişe arassa bolmalydyr. Aşhana enjamlary, gazanlar, jamlar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürilýän süpürgiçleri her gün ýuwup, güne serip guratmalydyr. Jamlary we aşhana gaplaryny iýmit iýlen badyna ýuwup, süpürip, tekjelere örmelidir. Diňe arassalanan suwy ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suwy ulanmalydyr. Mundan başga-da, jaýyň içi we onuň daş-töweregi hemişe tämiz saklanmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr.
Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Annagözel MOMMYLOWA