OBASENAGAT TOPLUMYNYŇ ÖSDÜRILMEGI – AZYK BOLÇULYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI
Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, pagta ýygymy möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň doly güýjünde ulanylmagynyň şu günüň möhüm talabydygyny nygtady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy we has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir.