Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, sagdyn boluň!
Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.
Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi gündelik durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly, howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, 2 metr howpsuz aralygy saklamaly.
Arassaçylyk egin-eşik, aýakgap, jemgyýetçilik, zähmet gigiýenasy ýaly toparlara bölünýär. Adamlar daşardan ýa-da köpçülik ýerlerinden gelenlerinde, hökman ellerini sabyn bilen mazaly ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we iýlenden soň, çagalar bolsa, oýnawaç oýnanlaryndan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň ellerini sabyn bilen ýuwmalydyr. Her bir ene-ata çagalarynyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, bu barada elmydama olara ýatladyp durmaly.
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen birlikde, dürli ýokanç kesellerden goranmak, sagdyn hem berk bedenli bolmak üçin fiziki maşklary ýerine ýetirmek möhümdir. Şeýle hem her bir adam kadaly iýmitlenmek, naharlanmak boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýmit talabalaýyk ýagdaýda saklanmalydyr. Gök we bakja önümlerini, miweleri iýmezden öň, olary gowy edip mylaýym suwda ýuwmaly. Aşhana hemişe arassa bolmalydyr. Mundan başga-da, jaýyň içi we onuň daş-töweregi hemişe tämiz saklanmalydyr. Keselçiligiň öňüni almak we saglygyny goramak her bir adamyň borjudyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi