Bedew batly diýarym–Bitaraplygyň mekany


Bedew batly diýarym–Bitaraplygyň mekany



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda bagtyýar halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen älem-jahany haýran galdyrýan behişdi bedewlerimiziň şanyna toý dabaralary uludan tutulýar. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli atşynaslygymyzy has-da ösdürmek, halkymyzyň seýisçilik bilen bagly taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek hakynda beren tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen «Şöhratly bedewleriň waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlary behişdi bedewleriň şöhratly taryhyny, tebigy gözelliklerini, gylyk-häsiýetini, asyrlaryň jümmüşinde kämilleşdirilen at esbaplaryny, atçylyk bilen bagly milli däpleri çeper beýan döwrebap edebi eserleri hem-de aýdym-sazlary bilen gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şöhratly bedewleriň waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar, Hormat Hatlary gowşuryldy.

Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew batly diýarym–Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik duşuşygy guraldy. Paýtagtymyzdaky «Ýanardag» bedewiniň heýkeliniň ýanynda başlanan döredijilik duşuşygy soňra «Polatly» bedewiniň heýkeliniň, şeýle hem Bitaraplyk binasynda ýanynda şatlyk-şowhun bilen dowam etdi.Döredijilik duşuşygyna ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bina edilen türkmen bedewleriniň heýkelleriniň ýanynda okalan goşgularda, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy, behişdi bedewlerimiz giňden wasp edildi.

Ýaz paslynyň ajaýyp gününde geçirilen bu çäre döredijilik işgärleriniň eserlerinde türkmen bedewleriniň belent waspynyň ýetirilýändigini aýdyň görkezdi. Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylar ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyşlar aýtdylar.