Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goramak üçin Lukmanyň maslahatlary


Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goramak üçin Lukmanyň maslahatlary



Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyklykda geçirilýär. Häzirki wagtda, dowam edýän güýz paslynyň şu günlerinde, howa şertleriniň dürlüligi bilen häsiýetlendirilip, güneşli, salkyn günleriň bolmagy bilen birnäçe keseller ýüze çykýar. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.
Şol maksat bilen her birimiz:

 Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne endamyň çygly, öl saçly daşaryk çykmaklyga ýol bermeli däl.  Öz hem-de öz perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik etmeli.
 Pasyllara görä geýinmeli we C witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
 Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagatal-wagtal açyp otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
 Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem ýygy-ýygydan iýmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglar, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.  Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
 Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
 Elleriňizi elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwmaly, howpsuz araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini dogry dakynmaly.
 Derman serişdelerini lukmandan maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine has degişli. Sebäbi, antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýra üzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
 Bedeniň kesele garşy durnuklylygny ýokarlandyrmak üçin hökman hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopediki kitaplarynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, keýigoty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
 Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.