Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy



1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Milli sport ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, öz üstünlikleri bilen ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga taýýar zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sport ulgamyndaky bilim işini milli tejribäni netijeli ulanmak bilen birlikde, dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge gönükdirýär. Bu babatda Diýarymyz dünýäniň köp döwletleri hem-de halkara federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmen sportuny täze belentliklere çykarmaga ýardam etjek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty möhüm orun eýeleýär. Bu gün Türkmenistanda sport bilen meşgullanmagyň barha giň gerime eýe bolýandygy ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.